Ruhy Kämillik Dilemek (#11986)

Kalbyma päklik ber, Eý meniň Taňrym! Ruhuma ynjalyk ber, Eý meniň Umydym! Başarjaňlyk ruhy bilen, meni Öz Emriňde berk durar ýaly et Eý meniň Mahbubym! Gerçeklik nurunyň ýalkymy bilen, maňa Öz ýoluňy görkez Eý meniň Maksudym! Öz Belent mertebe Patyşalygyň bilen, meni päk asmanyňa Uruj etdir, Eý meniň Gözbaşym! Öz Ylahy şemallaryň bilen meni şadyýan eýle, Eý meniň Soňum! Öz Ebedi mukamlaryň bilen maňa rahatlyk bagyş eýle, Eý meniň Hemdemim! Öz Gadym rugsaryň Binyýazlygy bilen, meni Özüňden özgeden halas eýle, Eý meniň Möwlam! Öz Ebedi barlygyňy äşgär edip meni buşla, Eý iň aýdyňlardan Aýdyň we Eý her pynhandan Pynhan.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ruhy Kämillik Dilemek (#11987)

Sowuk çesmeleriň joşgunyndan dolan, Ylahy derýalaryň suwundan meni gandyr, Eý meniň Taňrym! Öz barlyk daragtyň miwelerinden maňa rysgal ber, Eý meniň Umydym! Öz muhabbet çeşmeleriň dury suwundan içir, Eý meniň “Baha’m”! Öz Ebedi mähriň saýasyndan maňa ýer ber, Eý meniň Arzuwym! Öz ýanyň gülüstanynda, Öz huzuryňda meni aýla, Eý meniň Mahbubym! Öz kerem tagtyň sag tarapynda meni oturt, Eý meniň Maksudym! Hoş ysly şadyýanlyk şemallaryndan ýolla maňa, Eý meniň Islegim! Öz barlyk hakykatyň Mukaddes Jennetine sal meni, Eý meniň Magbudym! Öz ýalňyzlyk guşuň owazlaryny maňa eşitdir, Eý maňa Aýan! Başarjaňlyk we gudrat ruhy bilen dirilik bagyş eýle, Eý maňa rysgal berýän! Öz söýgi ruhuň bilen meni berk durar ýaly et, Eý meniň Goldaýjym! Öz razylygyň şaýolunda meni galkyndyr, Eý meni Ýaradan!
    Öz Baky Jennetiňde, Öz Taban ýüzüň gaşynda meni ebedi eýle, Eý maňa Rehim Edýän! Öz ululyk tagtyňda maňa ýer ber, Eý meniň Eýäm! Öz enaýat asmanyňa meni uruj etdir, Eý meni Döreden! Öz hedaýat güneşiň bilen maňa ýol görkez, Eý meni Özüne Çekýän! Öz Ýeke-Täkligiň pynhan jilweleriniň ýanyna çagyr meni, Eý meniň Başlangyjym hem Arzuwym! Meni Öz aýan etjek atyrly jemalyňa tarap öwür, Eý meniň Taňrym!
    Dogrudanam erk edýän zadyny başarýan diňe Sensiň. Dogrudanam Sensiň Uly, Eziz we Belent mertebe.

-Bahá'u'lláh
-----------------------

Ruhy Kämillik Dilemek (#11989)

Hu’äl-Äbha.
    Uçur bagyň ol guşlaryny! Bossanyň ol bilbillerini saýramaga sazlaşdyr, hem olary Äbha Melekutynyň owazyna syrdaş eýle. Ýüreklere heýjan, şatlyk guý. Bendelerde, ruhlarda hyjuw hem maýyllyk döret. Goý olar saz bilen, dep bilen, tüýdük bilen haý-haý edip başlasynlar we Saňa edilmeli alkyşyň sypatyny aýtsynlar. Belki älemiň göwresi galkynyp, Ylahy sazyň mukamyny aýdym edip Äbha Melekutyna ýetirsinler.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ruhy Kämillik Dilemek (#11991)

Barhudaýa! 
    Ruhumy täzeläp meni şat eýle. Köňlümi päkle we güýçlerimi röwşen eýle. Men bar işlerimi Saňa tabşyrdym. Sen meniň yol görkezijim hem penahymsyň. Indi men gam-gussaly we tukat bolmaryn. Indi men begenç we şatlyk bendesidirin.
     Ýa Reb! Men indi aladaly bolmaryn, belalardan gorkmaryn. Men Öz wagtymy bu dünýäniň halanmaýan işleri bilen ötürmerin eý Perwerdigär! Maňa Özümdenem ýakyn dost Sensiň. 
    Barhudaýa! Men Özümi Seniň yoluňa goýýaryn.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ruhy Kämillik Dilemek (#11988)

Hu’äl-Äbha.
    Eý meniň Mähriban Taňrym! Eý meniň Janym, Eý meniň Jananym! Sen äşgäre we pynhana ägäsiň. Bu dostlar peýman badasyndan mestandyrlar hem jahan meýlisinde ellerinde peýmana. Olar Seniň Mähir asmanyň ýyldyzlary, Seniň gögüň ýalkym saçýan çyralary hem Seniň Jennet bossanyň guşlarydyr. Bu ýyldyzlary parlak et. Bu çyralary bipaýan nur bilen taban eýle. Bu guşlara asmanly owazy hem erkanalyk gögünde perwaz etmegi öwret. Olar gije-gündiz Seniň roýuň ýadynda, Seniň zülpüň perişany, Seniň gylygyň aşygy, Seniň ysyň beýhuşy we Seniň köýüň sergezdanydyrlar. Alkyş Saňa, dileg Saňa, Sen ýaradylşy sahylyk bilen bezediň we sadyklaryň ornuna arşda bolmagyny islediň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

Ruhy Kämillik Dilemek (#11990)

Oldur tabanlaryň Tabany.
    Eý meniň Mukaddes Taňrym! Bu hemişelik bendäňi gamgyn isleme. Oňa asmanly şatlyk we Ylahy şan bagyş eýle. Ony parlak ýyldyz eýle hem bossan güli. Ony Öz işigiň serweri kyl hem-de arşyň täjini onuň başyna geýdir. Onuň rugsaryny ýagtylt, göwherini saç. Janyna müşk ber hem köňlüni gülzar eýle. Goý hoş gylygyň ysy onuň ruhuny ösdürsin we roýunyň ýalkymy aýdan, ýyldyzdan zyýada bolsun. Sensiň Mähriban, Sensiň Jomart we Başarjaň.

-`Abdu'l-Bahá
-----------------------

